Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Kompozisiýa we gurallama kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde “Kompozitorlary taýýarlamagyň wajyp meseleleri” atly okuw-usuly maslahat geçirilip, birnäçe halypa mugallymlar, şeýle hem Lebap welaýat çagalar sungat mekdebiniň we S.Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary gatnaşdylar. Bu okuw-usuly maslahaty Kompozisiýa we gurallama kafedrasynyň müdiri, kompozitor K.Garowow “Kompozitorlary ýetişdirmekde sazçylyk we ýörite sungat mekdepleriniň orny” atly temada eden çykyşy bilen başlandy. K.Garowow özüniň çykyşynda kompozitorlary ýetişdirmekde sazçylyk we ýörite sungat mekdepleriniň örän uly ornunyň bardygyny, esasy başlangyjyny çagalar sazçylyk mekdeplerinden gaýdýandygyny belledi. Soňra Türkmenistanyň halk artisti, halypa kompozitor, uly mugallym D.Hydyrowyň çykyş eden temasy “Ýaş mugallymlara hünär dersini okatmak üçin maslahatlar” bolup, talyplara saz düzmekligiň ýoly, usuly barada birnäçe peýdaly maslahatlaryny berdi. Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty S.Tüýliýew “Gurallama we partitura okamak dersleriniň kompozitor talyplar üçin ähmiýeti” atly temada çykyş etmek bilen, kompozitor bolmak üçin gurallama we partitura okamak derslerinden baş çykarmagyň örän wajypdygyny aýtdy. Türkmenistanyň kompozitorlar birleşiginiň agzasy, zehinli türkmen kompozitory M.Annamyradow “Kompozisiýa hünäri boýunça okuw dersini okatmak boýunça teklipler” hakynda giňişleýin durup geçdi we kompozisiýa hünärini okatmaklyk boýunça birnäçe tekliplerini aýtdy. Lebap welaýat çagalar sungat mekdebiniň mugallymy, “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi J.Reýimowa “Çagalar sazçylyk mekdeplerinde çagalary saz döretmeklige höweslendirmek” temada çykyş etdi. Sazçylyk mekdebinde birnäçe çagalaryň saz düzmeklige höwesiniň bardygyny, şolaryň arasynda bäsleşikleri gurnamagy, şol geçirilen bäsleşiklere bolsa ussat, halypa kompozitorlaryň adyny dakmaklyk maksadalaýyk boljakdygyny belledi. S.Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymy A.Annaýew bolsa “Ýaş kompozitorlaryň eserlerini halk köpçüligine ýetirmegiň usullary” atly temada çykyş etdi. Ýaş kompozitorlaryň döreden eserleriniň halk köpçüligine ýetirilmeginde sanly platformalarynyň örän uly ähmiýetiniň bardygyny belledi. Ara alnyp maslahatlaşylan çykyşlar ýaş kompozitorlary taýýarlamagyň wajyp meseleleri bolup, biz talyplara şeýle hem ýaş mugallymlara usuly sapak boldy.
Bu diňe bir okuw-usuly maslahat bolman, eýsem, ýaş nesilleriň ussat halypalaryň döredijiliginden ylham almagynda hem möhüm ähmiýete eýe boldy.
Okuw-usuly maslahatyň ahyrynda çykyş eden kompozitorlar ýaş nesillere halypa kompozitorlaryň, belli şahsyýetleriň döredijiligini içgin öwrenmekde berilýän ähli mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler.
Ogulbeg ÝEGENOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby