Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy “Sungatlar çatrygy” atly taslamany esaslandyryjysy bilen sport şäheriniň Dolandyryş müdirliginde ýerleşýän “Art galareýa” sergi merkezinde şahyr, dramaturg, ýazyjy Hemra Şirowyň neo-poeziýa, ýagny şekilli şygyrlarynyň sergisi hem döredijilik duşuşygy geçirdi.
Bu duşuşyga Aşgabat şäheriniň birnäçe kitaphanalaryndan şeýle hem medeniýet we sungat işgärleriniň dürli ugurlarda işleýan wekilleri gatnaşdylar. Mahabat müdirliginden, “Zaman” gazetiniň habarçysy, Maýa Kulyýewa adyndaky konserwatoriýanyň ýanynda ýerleşýän Daňatar Öwezow adyndaky sazçylyk mekdebiniň talyplary, Mary welaýatynyň Mollanepes adyndaky sazçylyk sungat mekdebiniň okuwçylary halypa Hemra Şirowyň goşgusyna, kompozitor Aýna Şirowanyň sazyna birnäçe aýdymlar aýtdylar. Şeýle Aşgabat şäherinde ýerleşýän rus-türkmen mekdebiniň ýaşajyk okyjylary şahyryň goşgularyny labyzly edip okap berdiler. Belli kompozitor Jeren Gurbangylyjowa, Türkmenistanyň sungatda at gazanan birnäçe hudožnikleri hem bu sergä gatnaşyp täsirli gürrüň etdiler. Ýazyjy, şahyr, dramaturg Hemra Şirow türkmen poeziýasynda şekilli şygryýetiň esasyny goýujy, şygryýet äleminiň bu ugruny täze many-mazmun bilen baýlaşdyran çagalar şahyrlarynyň ilkinjisidir. Bu žanryň adaty bolmadyk tebigaty many taýdan şekile düzülýän şygyrdaky ýa-da onuň, başgaça atlandyrylyşy ýaly, belli bir görnüşe eýe bolýan goşgudaky sözleriň ýerleşişi bilen goşgynyň düýp mazmunyny beýan edýän şekiliniň emele getirilmegidir. Şeýle täsirli şekilli şygyrlary myhmanlar haýran galmaklyk bilen ellerine alyp, synlap, höwes bilen okap gördüler. Şygyrlar özboluşly täsinlige eýe bolupdyr, gyzykly, çagalar dünýäsi bilen bagly düzülipdir.
Geçirilen çärede Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy şahyryň birnäçe tomdan ybarat bolan kitaplaryndan we irki döwürlerde neşir edilen eserlerinden goýlan nusgalar kitap sergisini bezedi we myhmanlarda uly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda medeniýetimize, sungatymyza uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza uly hoşallyk bildirip, alkyş sözleri aýdyldy.