logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

MAGTYMGULY PYRAGY-DÜNÝÄ ÄHMIÝETLI ŞAHSYÝET

MAGTYMGULY PYRAGY-DÜNÝÄ ÄHMIÝETLI ŞAHSYÝET

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünar okuw mekdebi bilen bilelikde guramagynda «Magtymguly Pyragy-dünýä ähmiýetli şahsyýet» atly söhbetdeşlik hemde gezelenç gurnaldy.

Söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet ähmiýetli işleri dogrusynda hem-de Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň ruhy ganaty, şamçyragy hasaplanýandygy, ol her bir ynsanyň kalbynda adamkärçiligiň belent nusgasyny dörediji hökmünde müdimi ýaşaýan, dana şahyr adamkärçilige, ynsanperwerlige, watansöýüjilige ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda orun alandygy hakynda giňişleýin gürrüň edildi.

Çäräniň dowamynda talyp ýaşlara ajaýyp kitaphanamyza gezelenç gurnaldy. Gezelenjiň dowamynda kitaphanaçymyz biziň Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanamyz hakynda talyp ýaşlara gürrüň berdi we kitap sergilerdäki kitaplar bilen giňişleýin tanyşdyrdy.

Çäräniň ahyrynda ylym-bilim öwrenmekde, medeniýetimizi, Milli mirasymyzy, edebiýatymyzy dünýä ýaýmak üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.