logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Mämmetweli Kemine hakynda söhbet

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Miras” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde halypa kitaphanaçylar bilen şahyr, Mämmetweli Keminäniň ömri we döredijiligi hakynda söhbetdeşlik ýazgy edildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Kemine şahyryň goşgularynyň köp dürliligi , şeýle hem onuň aýdym bolan şygyrlary dogrusynda söhbet etdiler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda edebiýat äleminiň şahsyýetleriniň edebi mekdebini, ýol-ýörelgelerini özleşdirmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Döwlet kitaphanasynda ýazyjy–şahyrlarymyza bagyşlap edebiýat agşamlary, döredijilik duşuşyklary yzygiderli geçirilýär. Ýaş neslimiziň edebiýat äleminiň ussatlarynyň döredijiligi bilen has giňden tanyşmaklary üçin kitap sergileri gurnalýar.

Medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, alyp barýan döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.