logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

MANYLY ÖMRÜŇ MERTEBE MEKDEBI

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen türkmen milli şekillendiriş sungaty uly ösüşlere eýe boldy. Türkmenistanyň dürli künjeklerinde muzeýleriň we Sergiler köşgüniň açylmagy, sergileriň ýygy-ýygydan geçirilip durmagy hem munuň aýdyň şaýadydyr. Sungat eserleriniň sergisi paýtagtymyzda we welaýat muzeýlerinde şeýle hem, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda ýygy-ýygydan geçirilip durulýar. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda geçirilýän sergileriň ýylyň dowamynda meýilnamasy düzülip, ol diňe bir baýramçylyklarda geçirilmän, eýsem adaty günlerimizde hem geçirilýär. Oňa mugallymlarymyzyň geçirýän şahsy sergileri hem mysal bolup biler. Mugallymlaryň geçirýän şahsy sergileri biziň talyplarymyzyň okuw we döredijilik işlerine öz täsirini ýetirýär. Çünki mugallymlarymyzyň döreden we sergilere hödürlän sungat eserleri talyp ýaşlarymyzyň gözýetimini giňeltmäge, olardan şekillendiriş sungatynyň inçe tilsimlerini öwrenmäge uly itergi berýär. “Şägirt halypadan ozdurmasa kär ýiter” diýen jümläni özlerine tutaryk edinýän mugallymlar, talyplaryň okuw we döredijilik işleriniň kämilleşmegine, olaryň döwrebap sungat eserlerini döretmegine, döreden sungat eserleriniň dogruçyl beýan edilmegine aýratyn üns berýärler. Halypalarynyň berýän ündewlerine dogry düşünen we olaryň her bir sözüni özlerine nusga edinýän talyplarymyz yhlas bilen sungatyň inçe syrlaryny öwrenip, ajaýyp sungat eserlerini döredýärler. Olar öz eserlerinde türkmen tebigatynyň gözelliklerini, oba we şäher durmuşyny, günsaýyn ösüp barýan ýurdumyzyň ösüşlerini şekillendirip, olary sergileriň üsti bilen halk köpçüligine ýetirip durýarlar. Sergilere gatnaşýan we teleýaýlymlaryň üsti bilen halka ýetirilýän sungat eserleri her bir tomaşaçyda uly täsir galdyrýar.

Şeýle sergileriň biri hem, şu ýylyň fewral aýynyň 14-ne geçirilen Türkmenistanyň halk suratkeşi Kakageldi Gurbangeldiýewiň şahsy sergisidir. Kakageldi Gurbangeldiýew birnäçe ýyllardan bäri Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda zähmet çekýär. Halypa mugallym akademiýada köpsanly şägirtleri ýetişdirdi. Onuň ýetişdiren şägirtleri ýurdumyzyň dürli künjeklerinde zähmet çekýärler. Kakageldi mugallym 70 ýaş senesine bagyşlap “Manyly ömrüň mertebe mekdebi” atly uly sergi açdy. Sergide halypa magallymyň döwrümiziň ösüşleri we türkmen oba durmuşy bilen baglanşykly eserleri ýerleşdirilipdir. Halypanyň 1978-nji ýylda döreden türkmen milli oýny bilen baglanşykly “Göz daňdy”, oba durmuşy bilen baglanşykly 1984-nji ýylda döreden “Ýaz aladalary”, “Magtymguly halkyň arasynda”, 1985-nji ýylda döreden “Bahar”, 1988-nji ýylda döreden “Jiglerim”, 1989-njy ýylda döreden “Oba toýy”, “Hiňňildik” ýaly nakgaş eserleri sergä gelen tomaşaçylarda has-da täsir galdyrdy.

Bu sungat eserleri biziň häzirki döwrümiziň ösüşlerini, halkymyzyň ajaýyp durmuşyny, tebigatymyzyň gözel künjeklerini, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatyny, il-ýurt bähbitli işlerini wasp edýär.

Halypa suratkeşiň yhlas bilen döreden her bir sungat eserleri tomaşaçyda eziz Watanymyza, milli sungatymyza, gözel tebigatymyza, ajaýyp döwrümize bolan mähirli duýgyny we ruhubelentligi döredýär. Çünki ata-babalarymyzyň “yhlas bilen aglasaň, sokur gözden ýaş çykar” diýip belleýşi ýaly, yhlas bilen edilen iş ýerine düşýär. Çünki halypa mugallymlarymyz mydama gözelligiň gözleginde. Olar döwrümiziň ajaýyp waspçylarydyr.


Orazgözel Utomyşewa

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Amaly-haşam sungaty» fakultetiniň «Jemgyýeti öwreniş ylymlary» kafedrasynyň uly mugallymy