Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy bilen Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda “Garaşsyzlyk ýyllarynda şöhratly taryhymyz – milli mirasymyz” atly maslahat geçirildi.
Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygy mähriban halkymyzyň, ata Watanymyzyň berkararlygydyr. Parahatçylyk söýüji, ynsanperwer ýörelgä esaslanýan, dostlugy dabaralandyrýan döwletimize guwanýarys. Halk abadan, Watan öz erkli, Garaşsyz bolanda ösüş-özgerişler yzly-yzyna dowamly bolýar. Her ýylyň 27-nji sentýabry Garaşsyzlyk güni uly toý-baýram edilip ýurdumyzda giňden bellenýär. Garaşsyzlyk bize bir bitewi halkdygymyza buýsanmaga, eziz Watanymyzyň jebisliginden ruhlanyp, abadan durmuşda ýaşamaga şert döretdi. Döwletimiz asyrlardan gözbaş alyp gaýdýan ruhy we maddy baýlyklarynyň eýesi boldy. Häzirki wagtda gymmatly baýlyklarymyz, milli mirasymyz halkymyzyň buýsanjy bolup dünýä ýaýylýar.