logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Maslahat - geňeşli türkmeniň ýoly

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň “Hyzmat ediş” bölümi “Maslahat- geňeşli türkmeniň ýoly” atly baýramçylyk dabarasyny geçirdi. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň toýlanjak ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň dabaraly ýagdaýda geçirilmegine garaşylýar. Şeýle ajaýyp toýlar mynasybetli geçirilen dabarada çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň asyrlardan gözbaş alyp gaýdýan maslahatlaşmak, geňeşmek, agzybirlik we jebislik ýaly asylly ýörelgeleriniň täze many – mazmun bilen baýlaşýandygyny belläp geçdiler. Dabaranyň dowamynda ýazyjy-şahyrlar özleriniň döreden ajaýyp goşgularyndan okap berdiler.

Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, halkymyzyň we Watanymyzyň bähbidine gönükdirilen beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.