logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

MEDENI GATNAŞYKLARYMYZYŇ ÖSÜŞI

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Türkmenistan» teleýaýlymy bilen bilelikde «Medeni gatnaşyklarymyzyň ösüşi» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler biziň eziz Watanmyzyň dürli ýurtlar bilen dost-doganlyk,medeni,ynsanperwer gatnaşyklary, ýurdumyzda ylym-bilimiň ösüşi şeýle hem biziň milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösüşi barada giňişleýin söhbet etdiler.

Biziň milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň esasy ulgamy bolan kitaphana işi hem gün-günden döwrebap ösdürilýär. Ýaş nesillerde kitaba bolan, okamaklyga bolan söýgüni artdyrmakda kitaphana işgärlerine hem uly borç degişlidir diýip,çykyş edenler söhbetleriniň ahyrynda halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna uly sarpa goýup, olary dünýä ýaýmakda nusgalyk işleri alyp barýan türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden buýsançlaryny beýan etdiler.