Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri ýakynda Arkadag şäheriniň “Märkaw” myhmanhanasynda “Arkadag” teleýaýlymynyň “Bagt şäheriniň säheri” atly gepleşiginiň ýazgy etmekliginde “Medeniýet günleri – birleşdirýär illeri” atly söhbetdeşlik duşuşygyny Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet günine bagyşlap geçirdi.
Milli medeniýetde halkyň ýol-ýörelgesi, ruhy dünýäsi, şöhratly taryhy, gadymy gymmatlyklary özboluşly şöhlelenýär. Medeniýetiň ösen ýerinde milletiň döredijilik ukyby artýar. Medeniýetiň ösdürilmegi sungatyň ähli ugurlaryny kämilleşdirmäge, edebiýaty döwrebap eserler bilen baýlaşdyrmaga ýardam berýär. Ýurdumyzda dabarasy uludan tutulýan baýramçylyklar, medeni çäreler bagtyýar watandaşlarymyzy täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar, ýaş nesilleriň halkymyzyň şöhratly taryhyna, däp-dessurlaryna, medeni gymmatlyklaryna buýsanjyny artdyrýar.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli medeniýetimizi we sungatymyzy pajarladyp ösdürýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.