Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasy bilen Büzmeýin medeniýet merkeziniň bilelikde guramagynda “Aşgabat” medeni dynç alyş merkezinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Medeniýet halklary dostlaşdyrýar, sungat halklary baýlaşdyrýar» ady bilen aýdym – sazly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler ýurdumyzda medeniýete we sungata aýratyn sarpa goýulýandygyny, bu ugurda durmuşa geçirilýän uly işleriň netijesinde-de türkmen medeniýeti, sungaty has-da kämilleşip, onuň köpöwüşginliligi bilen giňden tanalýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de söhbetdeşligiň dowamynda medeniýet we sungat ussatlary birnäçe ajaýyp aýdy-sazlary ýerine ýetirdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda şeýle ajaýyp zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.