logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Medeniýet hepdeligi

Ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy geçirildi. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi özüniň nakgaşçylyk we amaly-haşam sungatynyň eserlerinden düzülen ajaýyp göçme sergisini gurady. Baýramçylyga bagyşlanyp gurnalan sergide halypa suratkeşler Aýhan Hajyýewiň, Çary Amangeldiýewiň, Annadurdy Аlmämmedowyň, Annamämmet Hojanyýazowyň, Nyýazmyrat Dowodowyň hem-de Durdy Baýramowyň eserleri öz beýanyny tapdy. Bu eserler dabaralara gatnaşan her bir myhmanda ýatdan çykmajak duýgulary galdyrdy. Türkmen medeniýetini we sungatyny ösdürmek maksady bilen ýurdumyzda yzygiderli geçirilmegi asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeligi uly ähmiýete eýedir.