Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda her ýylyň iýun aýynda dabaraly bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň günleri bu ýyl hem uly şatlyga, ýakymly wakalara beslenýär. Onuň çäginde meýilleşdirilen dabaralar, halkymyza türkmen toýlarynyň şowhunyny eçilýär. Medeniýet hepdeliginiň dowamynda guralýan aýdymçy-sazandalaryň konsertleri, ýazyjy-şahyrlaryň, žurnalistleriň döredijilik agşamlary, şekillendiriş we amaly-haşam sungat eserleriniň sergileri türkmen medeniýetiniň döwrebap ösüşlerini açyp görkezýär.

Ýurdumyzyň Balkan welaýatynda üstünlikli dowam edýän Medeniýet hepdeliginiň ikinji güni hem dabaralardyr çärelere baý boldy. Irden Gyzylarbat etrabyndaky medeniýet merkezinde “Hatyrasy belent halypalar” atly aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. Onda belli sungat ussatlarynyň we döredijilik işgärleriniň milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň barha baýlaşmagyna mynasyp goşant goşandyklary nygtaldy. Şeýle hem, birnäçe ussatlar barada giňişleýin durlup geçildi. Baýram şahyryň, Türkmenistanyň halk artistleri Sary Garryýewiň, Giçgeldi Amanowyň, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Baýramguly Aýjanowyň döredijiligi, ömür ýoly barada täsirli söhbet edildi. Döredijilik duşuşygynyň dowamynda aýdym-sazlar hem ýaňlandy. Çykyşlarda Baýram şahyryň döredijilik mirasyndan aýdymlara, döwrebap eserlere uly orun berildi. Bagşy-sazandalar joşgunly aýdym-sazlary bilen ýurdumyzyň abadançylygyny, halkymyzyň bagtyýarlygyny, tebigat gözelligini wasp etdiler.
Şeýle-de “Türkmennebit” Döwlet konserniniň Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Türkmenbaşy şäherindäki Medeni-sport toplumynda geçirilen Balkan welaýatynyň çagalar çeperçilik mekdepleriniň okuwçylarynyň döreden eserleriniň sergisi hem-de ýurdumyzyň çagalar sungat we çeperçilik mekdepleriniň işini kämilleşdirmek boýunça “Sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly döwrebap okatmagyň usulyýeti” atly maslahat geçirildi. Ondaky çykyşlarda bellenilişi ýaly, “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda, ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda, şol sanda ýokary okuw mekdeplerinde okatmagyň döwrebap usullary, häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän täze dersler özleşdirilýär. Bu bolsa ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamagyň baş şertini emele getirýär.
Häzirki zaman zähmet bazary üçin zerur bolan hünärmenleri taýýarlamak üçin bilim bermegiň döwrebap ugurlary, okuw maksatnamalary we usulyýeti boýunça pikir alyşmalar maslahata gatnaşyjylaryň aýratyn üns merkezinde boldy.
Günüň ikinji ýarymynda Balkan welaýat kitaphanasy köp adamly boldy. Bu ýerde “Garaşsyzlykdan galkynýan medeniýet” atly döredijilik bäsleşiginiň jemini jemlemek dabarasy, şeýle hem ýurdumyzyň halypa we ýaş şahyrlarynyň “Ylham joşguny” atly edebiýat agşamy geçirildi. Dabarada bu bäsleşigiň döredijilik bilen meşgullanýanlaryň arasynda uly gyzyklanma döredendigi aýdyldy.
Döredijilik bäsleşiginiň Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly senesiniň bellenilýän ýylynda geçirilmeginiň çuňňur manysy bar. Ýeňijileriň sylaglanylmagy bu ýerde guralan dabaranyň şowhunyny artdyrdy. Ýeňijiler ýurdumyzda ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek, dürli derejede geçirilýän bäsleşiklere gatnaşmak ugrunda döredilýän giň şertler üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.
Halypa we ýaş şahyrlaryň “Ylham joşguny” atly edebiýat agşamy has-da täsirli bolup, häzirki döwürde ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işleriň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, Watanymyzyň abadançylygynyň, türkmen bedewleriniň waspy ýetirildi.
Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar Balkanabat şäherindäki Nebitçiler medeniýet köşgünde belent ruha beslenen ajaýyp wakanyň şaýady boldular. Bu ýerde Balkan hem-de Daşoguz welaýatlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Onda halk aýdym-sazlarynyň, estrada aýdymçylarynyň çykyşlarynyň folklor toparlarynyň özboluşly tanslary bilen utgaşmagy medeni çäräniň maksatnamasynyň döwrebap derejede taýýarlanylmagyna hemmetaraplaýyn çemeleşilendigini görkezýär. Balkan hem-de Daşoguz welaýatlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň döredijilik çykyşlarynyň täsirli pursatlara beslenmegi dabaranyň döwrüň ruhuna kybap derejede guralýandygyna aýdyň subutnamadyr. Gahryman Arkadagymyzy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy alkyşlap ýerine ýetirilen çykyşlar halkymyzyň Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize çuňňur hormatynyň nyşany boldy.
Hepdeligiň ikinji gününiň çäreleri Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda jemlendi. Bu ýerde “Bedew rowaýaty” atly sahna oýnunyň görkezilişi boldy.
Adyndan hem belli bolşy ýaly, bu sahna eseri ahalteke bedewlerine bagyşlanýar. Sahnalaşdyrylan eserde türkmen bedewiniň wepadarlygy dürli wakalaryň üsti bilen açylyp görkezilýär. Küştdepdiniň gaýtalanmajak öwüşginleri siňdirilen sahna eserinde behişdi bedewleri ýetişdiren türkmen topragy, ahalteke bedewleriniň owadanlygy çeper wasp edilýär.