Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda “Ylham” seýilgähinde Medeniýet we sungat işgärleriniň we Magtymguly Pyragynyň Şygryýet güni mynasybetli «Medeniýet kalplary ýakynlaşdyrýan gymmatlyk» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimiz, halkymyzyň ýol-ýörelgesi, ruhy dünýäsi, şöhratly taryhy, milli gymmatlyklary özboluşly şöhlelenýändigi, häzirki wagtda ýurdumyzda medeniýet ulgamynda gazanylan üstünlikleri dünýä ýaýmak, bu ugurda alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, ýokary derejeli medeni çäreleriň geçirilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň giňden bellenilmegi, onuň çäklerinde-de medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi, milli medeniýetimizi giňden ösdürmäge mümkinçilik berýändigi barada çykyş etdiler.
Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri esasynda gurnalan göçme kitap sergisi bilen tanyşdyryldy. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmekde uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.