logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Medeniýet sözünden döwür gülleýär

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Medeniýet sözünden döwür gülleýär» atly Aşgabat şäher häkimliginiň toplumy binasynda söhbetdeşlik geçirildi hem-de göçme kitap sergisi gurnaldy.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şanly wakalara, Medeniýet hepdeliginiň uly toý-baýramlara beslenip geçirilýändigi hakynda söhbet etdiler. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilýän dabaralar halkymyzda, aýratyn hem, medeniýet we sungat ussatlarynda täze ýeňişleriň ruhy joşgunyny döredýändigi, ýazyjy-şahyrlaryň kalbynda ylham joşup, bagşy-sazandalaryň ýüreklerinde buýsanç duýgusyny artdyrýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Gurnalan göçme kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleriniň many-mazmunynyň gymmaty hakynda söhbet edilip, ösüp gelýän ýaş nesillerimizde watançylyk duýgusyny has-da ösdürmekde kitaplaryň gymmatly gollanma bolup durýandygyny buýsanç bilen beýan etdiler.