logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

MEDENIÝET WE YLYM JEMGYÝETIŇ RUHY BAÝLYGYDYR

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 1-nji çagalar sungat mekdebinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ,,Berkarar döwletiň täze eýýamynyň şanly menzilleri’’ ady bilen 3-nji tom kitaby bilen tanyşdyryş dabara we aýdym-sazly çäre geçirildi.

Eziz Diýarymyza şan-şohrat, il günümize bagtyýarlyk getiren Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ýurdumyzyň çar ýanynda döwlet derejesinde gürnalýan baýramçylyk dabaralary halkymyzyň agzybirligini we geljege bolan uly ynamyny alamatlandyrylýan ajaýyp pursatlara beslenip ,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany’’ ýylyna gadam basylmagy ýurdumyzda täze ösüşleriň, parahatçylygyň we rowaçlygyň buşlyçyksy hökmünde giňden dabaralynýär.

Kitabyň başynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmen taryhynyň iň ajaýyp zamanasyna öwrüldi. Bu döwür–Watanymyzyň şanly geljeginiň döwri, Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdymyzda jemgyýetiň syýasy ulgamynda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýandygy barada netijeli maslahat etdiler.

Dabaranyyň dowamynda mekdep okuwçylary Gülälek Gurdanmuhammedowanyň, Jelil Täjowyň, Aýjemal Hojamgulyýewanyň, Rahman Şohradowyň ýerine ýetirmeginde Watanymyzy eziz Diýarymyzy wasp edýän aýdym–sazlary bilen röwşen geljege uzaýan ak ýollara halkymyzyň, bagtyýar durmuşyny dowamata besläp çäräni tamamladylar.

Goý, 2026-njy ýyl her bir maşgala agzybirlik rowaçlyk getirsin. Halkymyzy eşretli zamanada ýaşatmak ugrunda uly tagallalary edýän, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak bolsun.