Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasy bilen Bagyr medeniýet öýüniň bilelikde guramagynda, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Medeniýetiň, sungatyň, edebiýatyň rowaç menzilleri» atly çäre hem-de kitap sergisi geçirildi.
Çärede çykyş edenler her ýylyň iýun aýynda giň gerime eýe bolup geçirilýän Medeniýet hepdeligi, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny gülledip ösdürip, giňden dünýä ýaýmakda alnyp barylýan işler barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Medeniýet hepdeliginde halkymyzyň ruhy gymmatlyklarynyň, milli ýörelgeleriniň, halk döredijiliginiň giňden dabaralanýandygyny nygtadylar.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzda medeniýet ulgamyny ösdürmekde uly işleri alyp barýan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.