logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Meniň çeken suratym – başlangyjy sungatyň

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy bellenilen meýilnama laýyklykda tomusky dynç alyş möwsüminde Gökdere jülgesindäki “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda “Meniň çeken suratym–başlangyjy sungatyň” ady bilen surat çekmek boýunça bäsleşik geçirdi. Bäsleşigiň dowamynda höweslije çagalar okan ertekileriniň gahrymanlarynyň suratyny çekmek esasynda özara bäsleşdiler. Ýeňijilere sowgatlar gowşuryldy.

Bäsleşige gatnaşan zehinlije çagalar özleri üçin döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga kalplaryndan çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.