logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

MENIŇ SÖÝGÜLI ERTEKIM

MENIŇ SÖÝGÜLI ERTEKIM

Lebap welaýat çagalar kitaphanasynyň gurnamagynda Türkmenabat şäherinde ýerleşen 6-njy çagalar bagynyň usulçylary bilen bilelikde çagalar kitaphanasynda «Meniň söýgüli ertekim» atly çagalar ertirligi geçirildi. Kitaphanamyzyň hünärmenleri wagtlaýyn sergileri guradylar. Bu ertirligiň dowamynda türkmen halk ertekilerinden düzülen kitaplaryň üsti bilen ertekili sahnalary görkezildi. Türkmen halk ertekilerden düzülen sahnalaryň esasynda çagalaryň kitaba bolan islegini has-da artdyrdylar.