Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine çuňlaşdyrylan 84-nji orta mekdebinde «Ulus-iliň guwanjy Milli bahar baýramy» ady bilen göçme kitap sergisini şeýle hem «Milli bahar baýramy–mähir baýramy» ady bilen baýramçylyk dabarasyny geçirdi. Bu göçme kitap sergisinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk eserleri, şeýle-de Milli bahar baýramy bilen baglanyşykly edebiýatlar ýerleşdirildi. «Milli bahar baýramy–mähir baýramy» baýramçylyk dabarasynda hem Döwlet kitaphanasynyň agzybir işgärleri bu baýramçylygyň öň ýanynda, mekdep okuwçylaryna gadymdan bäri bellenilýän bu baýramyň taryhy barada, şeýle hem häzirki döwürde ähmiýeti barada gürrüň berdiler.