logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Milli medeniýet- öçmejek sungat

Türkmen halkynyň köp asyrlyk taryhynda medeniýeti we sungaty diňe bir durmuşuň bezegi bolman, eýsem, milletiň şahsyýetini, onuň bitewiligini saklap gelen iň uly güýçdir. Şonuň üçin hem ýurdumyzda her ýylyň 27-nji iýununda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet güni uludan bellenilýär. Bu baýram mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde hem “Milli medeniýet - öçmejek sungat” atly sergi guraldy. Sergide Türkmenistanyň halk suratkeşleri Ýakup Annanurowyň “Kompozitor Daňatar Öwezow”, Çary Amangeldiýewiň “Şükür bagşy”, Aman Amangeldiýewiň “Bagşy Ökdirow”, Nyýazmyrat Dowodowyň “Türkmenistanyň halk artisti Pürli Saryýew” şeýle-de Saparmämet Meredowyň “Sahy Jepbar, “Çary Täçmämmedow”, Iwan Ilýiniň “Magtymguly Pyragy”, Ahmet Hallyýewiň “Azady we Magtymguly” ýaly ajaýyp eserler sergilendi. Sergimize medeniýet we sungat işgärleri hem gatnaşdy. Toýlary goşa-goşadan gelýän türkmen halkymyzyň toýlary toýa ulaşsyn! Türkmen medeniýetine, sungatyna uly hormat goýýan türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hem-de mähriban türkmen halkymyzy ýetip gelýän hünär baýramymyz bolan, medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!