Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň bilelikde guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Milli medeniýet öçmejek sungat» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni ildeşlerimizi täze ýeňişleriň ruhy joşgunyna besläp, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda medeniýetiň we sungatyň bu baýramynyň Balkan welaýatynda ýaýbaňlandyrylandygyny barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Medeniýeti baý bolan halk, öz sungatynyň gözelliklerini, aýratynlygyny dünýä ýaýmak üçin milli döredijilikli däplerini, gymmatlyklaryny, mirasyny çuňňur özleşdirýändigi barada söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda eziz diýarymyzy toý-baýramlaryň mekanyna öwüren, Magtymguly Pyragynyň döredijiligine çäksiz hormat goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.