logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

MILLI MEDENIÝETIM GENJI-HAZYNAM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň her bir güni ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenip, toýlarymyz toýlara, baýramlarymyz baýramlara ulaşýar. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Medeniýet we sungat işgärleriniň güni hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Milli medeniýetim genji-hazynam» atly tele ýazgysy geçirildi. Ýazgyny muzeýiň uly ylmy işgäri Güljeren Guljaýewa alyp bardy. Ýazga Ylmy barlag bölüminiň hünärmenleri Altynaý Esenowa, Bägül Garlyýewa hem-de Aşgabat şäheriniň medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy Läle Ahmedowa dagylar gatnaşdylar. Medeniýet işgärleri halka ruhy lezzet, ruhubelentlik, gözellik paýlaýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň medeniýet ulgamy bilen baglanyşykly edýän çuň manyly çykyşlary, ylmy-seljermeleri we çeper eserleri milli medeniýetimiziň ösmegine uly itergi berýändigi dogrusynda tele ýazgyda gürrüňdeşlik geçirildi.