logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

MILLI MEDENIÝETIM-GENJI HAZYNAM

Şan-şöhraty älem-jahany haýrana goýýan, goşalanyp gelýän tutumly toýlaryň dabaralary daglar aşýan, eziz Diýarymyzyň her bir güni şanly senelere, toýdur-baýramlara beslenýär. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe türkmen medeniýeti, sungaty gün-günden uly ösüşlere eýe bolýar.Her bir güni şöhratly taryhymyzyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda» hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly toýunyň uludan toýlanjak ajaýyp ýylynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilýän çäreler, dabaraly söhbetdeşlikler bagtyýar halkymyzyň her bir raýatynyň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrýar. Baýramçylyk dabaralary mynasybetli uly ruhubelentlikde geçirilýän çäreler işjeňligi bilen tapawutlanýar. Şeýle dabaraly çäreleriň biri-de Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesiniň hem-de Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde gurnamagynda «Milli medeniýetim genji – hazynam» atly dabaraly maslahat geçirildi.Maslahatyň dowamynda ýörite muzeý hünärmenleri tarapyndan milli mirasymyzy şöhlelendirýän baýramçylyk sergisi ýaýbaňlandyryldy. Milli gymmatlyklarymyzdan söz açýan sergi diýseň köp tomaşaçylary özünde jemledi.Täsirli pursatlara, ýakymly ýatlamalara beslenen sergi köpleriň ünsüni özünde jemledi.Dabaranyň dowamynda oňa gatnaşyjylar işlemäge, döretmäge, döredijilikli zähmet çekmäge ähli mümkinçilikleri, şertleri döredip berýän, medeniýetimiziň, sungatymyzyň hak howandarlary Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman,il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler