logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

MILLI MEDENIÝETIMIZIŇ WE SUNGATYMYZYŇ WASPY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bilen bilelikde guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň waspy» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Çärede dost-doganlygyň ýurdy hökmünde dünýä derejesinde ykrar edilen ata Watanymyz Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda medeniýet ulgamyna aýratyn üns berilýändigi, milli medeniýetimiziň dünýä ýaýylmagy ugrunda ägirt uly işleriň alnyp barylýandygy, her ýylyň 27-nji iýunynda «Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet» güni uly dabaralara beslenip geçilýändigi, elbetde bu goşa baýramçylygyň utgaşykly bellenilmeginiň uly manysynyň bardygy, ýagny akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet, erkinlik, ynsanperwerlik hakyndaky arzuw-islegleri ajaýyp döwrümizde hasyl bolmagy, şahyryň özbaşdak döwlet baradaky gymmatly ündewleri, ýörelgeleri bolsa biziň bagtyýar döwrümiziň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülendigi barada çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýanyň talyplary Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen birnäçe aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler.

Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.