logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Milli medeniýetiň toýlanýar toýy, Pyragyň arzuwlan bagtyýar döwri

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Milli medeniýetiň toýlanýar toýy, Pyragyň arzuwlan bagtyýar döwri» atly göçme sergi gurnaldy hem-de çäre geçirildi.

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanyp geçirilýän dabaralaryň milli medeniýetimizi ösdürmekde, dünýä ýaýmakda, dost-doganlygy berkitmekde, halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy has ýokary derejelere çykarmakda, Magtymguly Pyragynyň döredijiligini, adamzada goýan baý mirasyny öwrenmekde we giňeltmekde örän uly ähmiýete eýedigi hakynda çärede çykyş etdiler. Olar söz ussady Magtymguly Pyragynyň agzybirlikde, jebislikde, parahatçylykda bir supranyň başyna jem bolup, bir döwlete gulluk etmäge çagyran dana pikirleri, öwüt-nesihatlary halkymyzyň we döwletimiziň milli ýörelgesine öwrülendigi barada hem durup geçdiler.

Çäräniň dowamynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanyp gurnalan göçme sergi bilen tanyşdyryldy.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň ähli ugurlaryny kämilleşdirmäge, türkmen edebiýatyny döwrebap eserler bilen baýlaşdyrmaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlar aýtdylar.