logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

MILLI MIRASYMYZYŇ SARPALANÝAN MEKANY

Bäş müň ýyllyk taryhy özünde jemleýän milli mirasymyz diňe bir halk senetçiliginiň gymmatly ýadygärligi, milletiň maddy hazynasy, ruhy täji bolmak bilen çäklenmän, şol bir wagtda halkymyzyň taryhyny öwrenmekde-de egsilmez çeşmedir. 2011-nji ýylda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň “Maddy däl medeni mirasy goramak baradaky” Konwensiýasyna goşuldy we şondan bäri onuň iň işjeň agzasy bolup durýar. Bu ugurda dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýän medeni-ruhy gymmatlyklarymyzyň birnäçesi ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawynda mynasyp orun tapýar. ,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan--bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzda geçirilýän çäreler, milli gymmatlyklarymyz ýaýbaňlandyrylyp giňişleýin gurnalýan sergiler, wagyz-nesihat duşuşyklary müň dürli öwüşgünleri özünde jemleýän milli gymmatlyklarymyz bilen baglanyşykly gurnalýan söhbetdeşlikler, dabaraly çäreleriň üstüni ýetirýär.

Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde muzeýiň gaznasynda saklanylýan muzeý gymmatlyklaryndan düzülen milli mirasymyzy şöhlelendirýän ,,Milli egin-eşigim, görküm, geleşigim” atly wagtlaýyn sergisi gurnaldy. Giňişleýin sergide milli mirasymyzyň köpöwüşgünli millilikleri, ene-mamalarymyzdan miras galan milli el işlerimizi beýan edýän milli gymmatlyklarymyz görkezildi. Ussatlyk bilen dokalan halylarymyzy, mähir hem-de yhlas siňdirilip bejerlen tahýalarymyzy, türkmen tebigatynyň ajaýyp reňkleri siňen keşdelerimizi we keçelerimizi içgin synlanyňda, olaryň türkmen halkynyň dünýä medeniýetine, sungatyna saldamly goşant goşandygyna aýdyň göz ýetirýärsiň hem-de milli gymmatlyklarymyzyň, sarpalanýan mekanynda mirasymyza goýulýan sarpanyň juda uludygyna guwanýarsyň. Munuň özi Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladalary netijesinde baý ruhy-medeni gymmatlyklarymyzy gorap saklamak, geljekki nesillere miras galdyrmak üçin döredilýän uly mümkinçilikleriniň we şertleriň nobatdaky aýdyň güwäsidir. Halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen, milli gymmatlyklarymyzy, baý medeni mirasymyzy halkymyzyň arasynda giňden wagyz etmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!


Gülnur Pygamowa

Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri