logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

MILLI NAGYŞLARYMYZ-MILLI MIRASYMYZ

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Milli nagyşlarymyz-milli mirasymyz» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde eziz Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda milli mirasymyzy öwrenmekde, ösdürmekde möhüm işleriň alnyp barylýandygyny, sungat derejesine ýetirilen nusgalyk mirasymyzyň gadyr-gymmatynyň has-da belentde tutulýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ene-mamalarymyzdan gelýän bu ajaýyp sungat häzirki döwrümizde-de öz gymmatyny, gözelligini, nepisligini ýitirmän toý-baýramlarymyzda öýlerimiziň törüni hem-de gyz-gelinlerimiziň lybaslaryny bezäp, halkymyzyň milli keşdeçilik sungatynyň asyrlar aşyp, heňňamlar aýlansa-da üýtgemän, şol bir nepisligini saklap, barha görklenýändigi barada belläp geçdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda gülläp ösýän ýurdymyzda milli gymmatlyklarymyzy ýaşlarymyza giňden wagyz etmäge uly mümkinçilikler döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.