logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

«Milli öwüşginlere baý türkmen medeniýeti» atly sergi

Halkymyzyň döredijilik ruhunyň beýany bolup, jemgyýetçilik durmuşymyza özboluşly öwüşgin çaýýan baýramlarymyzyň biri hem Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet günüdir. Gadymy türkmen topragyny uly dabaralara besleýän bu baýramyň joşguny milletimiziň mizemez agzybirliginiň we Magtymguly Pyragynyň amala aşan arzuwynyň nyşany bolup dünýä ýaň salýar. Milli medeniýetde halkyň ýol-ýörelgesi, ruhy dünýäsi, şöhratly taryhy, milli gymmatlyklary özboluşly şöhlelenýär. Medeniýetiň ösdürilmegi sungatyň ähli ugurlaryny kämilleşdirmäge, edebiýaty döwrebap eserler bilen baýlaşdyrmaga ýardam berýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda medeniýet ulgamynda gazanylýan üstünlikleri dünýä ýaýmak, bu ugurda alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, ýokary derejeli medeni çäreler geçirilýär. Diýarymyzda her ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň güni bilen bilelikde Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň giňden bellenilmegi, onuň çäklerinde-de medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi milli medeniýetimizi giňden ösdürmäge mümkinçilik berýär. Medeniýet edep-ekramlylygy, sowatlylygy, çuňňur düşünjeliligi öz içine alýar.

Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi hem bu baýramçylyk dabarasy mynasybetli muzeý gaznasyndaky gymmatlyklar toplumyndan düzülen «Milli öwüşginlere baý türkmen medeniýeti» atly baýramçylyk sergisini gurnady. Sergä Arkadag şäherinde zähmet çekýän medeniýet we sungat işgärleri şeýle hem bilim işgärleri gatnaşýarlar.