Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Arkadag şäheriniň iňlis dillerine ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň Taryhy-medeni seýilgähinde “Arkadag” teleýaýlymynyň “Köňülleriň çyragy” atly gepleşiginiň ýazgy etmeginde “Müňýyllykdan gözbaş alýan medeniýet” atly söhbetdeşligi gurady.
Ýaş nesillere kitaphana hünärmeni Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň eserlerinde beýan edilýän şöhratly taryhymyz barada täsirli gürrüňleri berdi. Bu taryhy ýadygärliklere gezelençleriň guralmagy, olaryň ýurdumyzyň taryhyny öwrenmeklerine, geçmiş baradaky bilimlerini ylmy maglumatlaryň üsti bilen baýlaşdyrmaklaryna, döredijilik ukyplarynyň açylmagyna, ylmy iş bilen gyzyklanmalaryna esas döreder.