logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

MUZEÝIMIZE TALYP ÝAŞLARYŇ GEZELENJI

Türkmen Döwlet Binagärlik Institutynyň talyplarynyň gatnaşmagynda “Gökdepe” milli muzeýiň sergi bölümlerine düşündirişli gezelenç geçirildi. Düşündirişli gezelenji muzeýiň esasy hünärmeni Nurnabat Gurbanmämmedowa alyp bardy. Gezelenjiň dowamynda talyp ýaşlar Gökdepe söweşiniň taryhyny üns bilen diňläp, her bir esbaplary synlap bu gün asuda, erkana döwletde okap bilim almaklarynyň esasy özeninde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Bitaraplyk syýasatynyň manysynyň çuňňurlygyna aýdyň göz ýetirdiler.

Bu günki gezelenjiň esasy maksady hem 2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda muzeýe syýahat etmek bilen talyp ýaşlary watansöýüjilik, gahrymançylyk ruhunda terbiýelemek hem-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, Bitaraplyk syýasatymyzyň türkmen halkynyň asuda, parahat durmuşda ýaşamagynda tutýan belent ornunyň waspyny dabaralandyrmak bolup durýar.

Gezelenjiň dowamynda muzeýiň “Bagtyýarlyk” otagynda muzeýiň bölüm müdiri Tawus Amanmyradowanyň alyp barmagynda talyplaryň, mugallymlaryň gatnaşmagynda okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagynyň dowamynda talyplaryň muzeýe syýahat edip düşündirişli gezelenjiň netijesinde muzeýiň taryhy, milli gymmatlyklarymyz barada sorag-jogaply söhbetdeşlik esasynda pikir alşyldy. Bu bolsa talyplaryň diňlän taryhy maglumatlaryny has çuňňur özleşdirip dünýägaraýyşlarynyň giňemegine uly täsir eder.

Şol sebäpli çäräniň dowamynda “Ýaşlyk” teleýaýlymyna birnäçe talyplar tarapyndan interwýular bilen ýazgy edildi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň medeniýetine we sungatyna, muzeýler ulgamyna uly üns berýär. Munuň üçin Hormatly Prezidentimize, Türkmen halkynyň Milli Liderine alkyşlarymyzyň çägi ýok.

Ýurdumyzda muzeý esbaplaryny ylmy taýdan öwrenmek, rejelemek, muzeý toplumlarynyň sanyny artdyrmak işlerine uly mümkinçilikler döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, başy dik, il – ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaç bolsun.