Aşgabat şäheriniň 81-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Kitap saklanýan bölümi bilen bilelikde «Nowruz bagtyýarlyk döwrüni bezeýän şanly sene» atly göçme kitap sergisi gurnaldy.
Bu göçme kitap sergisinde Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuş mekdebi bolan ajaýyp eserleri, şeýle-de «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylymyza bagyşlanyp ýazylan täze edebiýatlar giňişleýin kitap sergisinde ýerleşdirildi. Öz bilişimiz ýaly, türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar. Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän «Türkmenistan–parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusyndan ugur alyp, şeýle hem, halkymyz tarapyndan giňden goldanylan köp sanly teklipleri nazara alyp döwrümiziň şanyna şan goşjak täze 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip atlandyrylmagy, ähli türkmen halkymyzy, ylaýtada, türkmen ýaşlaryny geljek 2025-nji ýylda has-da tutanýerli zähmet çekmäge, ata Watanymyzyň şanly sepgitlere ýetmegine mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýar.
Sergä gatnaşyjy mekdep okuwçylar we mugallymlar bize ajaýyp durmuşy bagyş eden Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.