logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

NOWRUZ GELDI ILIME, AÝDYM BOLUP, SAZ BOLUP

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasy bilen Täze zaman, Garadaşaýak medeniýet öýleriniň bilelikde guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli «Nowruz geldi ilime, aýdym bolup, saz bolup» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda Nowruz baýramyny halkymyz uly dabara bilen giňden belleýändigi, Nowruzda ösümlikler al-ýaşyl öwsüp, tebigat janlanyp, ýaşyl begrese bürenip, älem-jahanyň röwşen reňklere beslenýändigini, şeýle-de Nowruz baýramy bilen baglanyşykly gadymdan gelýän käbir däp-dessurlar ýerine ýetirilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda nusgawy şahyrlaryň Nowruz baýramy barada ýazan goşgularyny labyzly okadylar.

Çäräniň ahyrynda halkymyzy nurly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.