logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

NOWRUZ–MILLILIGIŇ WE YNSANPERWERLIGIŇ BAÝRAMY

NOWRUZ–MILLILIGIŇ WE YNSANPERWERLIGIŇ BAÝRAMY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasy, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda Milli bahar maýramy mynasybetli «Nowruz–milliligiň we ynsanperwerligiň baýramy» ady bilen «Baýramhan» seýilgähinde aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Milli bahar baýramy-ýaşaýşyň, döredijiligiň, durmuşyň, gözelligiň hem-de şatlygyň baýramy bolup, ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň asylly ýörelgelerine, milli däp-dessurlarymyza ygrarlylygynyň alamatydygy, ýagşy däplerden ugur alýan halkymyz bu baýramy uly şatlyk, begenç bilen garşylanýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Nowruz öz mylaýymlygy, ýagşy niýetliligi bilen adamlaryň kalbyna meňzeýäp, bu baýram hoşniýetliligiň, ynsanperwerligiň, owadanlygyň, hyjuwlylygyň baýramy bolup, türkmen halky öz kalbyna meňzeýänligi üçin hem halkymyz bahary has üýtgeşik duýgular bilen garşylaýandygy barada beýan etdiler.

Çäräniň dowamynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyplarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary, gurnalan göçme kitap sergisi çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda dünýäde parahatçylyk taglymatyny dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.