logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Nurana geljegi gurujylar

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölüminiň işgärleri Aşgabat şäherinde ýerleşýän 86-njy çagalar bakja-bagynda “Nurana geljegi gurujylar” atly körpejeleriň arasynda çagalar üçin niýetlenen ertekilerden çeper okaýyş geçirdiler. Ýurdumyzda körpe nesliň asylly terbiýe almagy, geljekde ata Watanymyza, il-günümize wepaly bolup ýetişmegi üçin “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan –bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda yzygiderli işler amala aşyrylýar. Çeper okaýyşda çagalary gyzyklandyrýan türkmen halk ertekileriniň gahrymanlary bilen tanyşdyryldy. Bakja–bagyndaky çagalar okap berlen ertekileri ünsli diňläp özlerinde täsir galdyran gahrymanlary gyzyklanma bilen sorag-jogap alyşdylar. Bu bolsa çagalarda uly täsir galdyrdy, olarda kitaba bolan söýgüni has-da artdyrdy.

Şeýle-de geçirilen çeper okaýyşyň çäginde göçme kitap sergisi hem gurnaldy. Kitap sergisi ýaş nesliň her birinde kitaba bolan düşünjäni artdyrdy. Şeýle-de çagalara, kitap okan çaganyň jemgyýetde öz ornuny tapyp, kämil şahsyýet bolup ýetişmegi üçin ýol-ýörelgedigi hakynda giňden maglumatlar berildi. Bagtyýar nesillerimizi milli ruhda terbiýelemäge uly mümkinçilikler döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan döwletli işleri mydama rowaçlyklara beslensin!