logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

NURMYRAT SARYHANOWYŇ «ŞÜKÜR BAGŞY» KITABYNDAN

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň “Şükür bagşy” kitabyndan gürrüňdeşlik geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ussat ýazyjy-şahyrlarymyza uly hormat goýulýar, olaryň döreden eserleri bu günki gün okyjylar köpçüligi tarapyndan söýülip okalýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de meşhur ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň ömri we döredijiliginde nesilden-nesle geçip gelýän gylyk-häsiýetler, däp-dessurlar çeperçilik bilen suratlandyrylýandygy barada hem-de görnükli ýazyjynyň “Kitap” hekaýasy, “Şükür bagşy” powesti, “Ýagtylyga çykanlar” ýaly çeper eserleri halkyň söýgüsini gazanandygy hakynda beýan etdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen edebiýatyny ösdürmekde we dünýä tanatmakda uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.