logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

ÖMRÜŇ BIZE NUSGALYKDYR PYRAGY

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphanasy “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak“ ýylynda bellenilen meýilnama esasynda “Ömrüň bize nusgalykdyr Pyragy” ady bilen sergi we söhbetdeşlik geçirildi. Akyldar şahyrymyza bagyşlanyp gurnalan bu sergi oňa gatnaşan talyp-ýaşlarda has hem uly gyzylnama döretdi. Çäräniň başynda kitaphana hünärmenleri Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Magtymguly-Dünýäniň akyldary” atly kitabyndaky: ” Magtymguly Pyragy-beýik hormata mynasyp ussat. Ol öz eserlerine tutuş dünýäni we durmuşy siňdirip, adamzada söýgini sygdyryp bilen akyldardyr. Asyrlar aýlanyp, ýyllar kerwen gurap geçse-de, biz türkmen danasy, dünýä akyldary Magtymguly Pyragydan daşlaşmaýarys. Arassa parasat, dury paýhas, üstünden eýýamlaryň geçendigine garamazdan, lagyl-göwher kimin şöhle saçyp durýar” diýen parasatly jümlelerini ýatlamak bilen başladylar. Hakykatdandan-da Magtymguly Pyragynyň goşgulary bize ýaşaýşyň manysyny hem-de ömrümiziň esasy wezipelerini kesgitlemäge kömek edýär. Şahyryň döredijiligi ynsan terbiýesinde uly ähmiýetli orna eýedir. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimyhamedow “Ynsan kalbynyň öçmejek nury” atly pähim-paýhaslar kitabynda:”Magtymguly Pyragy adamzada tämiz ruhly, sagdyn ahlakly, şirin zybanly ajaýyp şygyrlary miras galdyran akyldar şahyrdyr” diýip belläýär. Çünki bu gün Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy-ynsan terbiýesiniň gözbaşy hökmünde çykyş edýär. Akyldaryň edebi mirasynyň ömürlere nusgalyk edilip öwrenilmeginiň baş maksady-şahyryň öňe sürýän pikirlerine dogry düşünip bilmekden hem-de ony durmuşda amal etmekden ybaratdyr. Ussat şahyryň eserlerinde saglygyň gadryny bilmek, maşgalanyň, iliň-günüň agzybirligi, milletiň bitewüligi hem-de döwletiň berkararlygy, ahlak gatnaşyklary hem-de bu barlyga akyl ýetirmek we ş.m ençeme meseleler baradaky, öwüt-nesihatlary görmek bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda beýik şahyrymyzyň döredijiligini düýpli öwrenmek we ony ýörelge edinmek, geljekki nesillere ýetirmek barada köp tagallalar edilýär. Dünýäde watansöýüjilige, dostluga, edermenlige çagyrýan ajaýyp eserleri bilen belli bolan Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň gözel paýtagtymyz Aşgabatda goýulmagy, beýik Magtymgulynyň edebi mirasyny wagyz etmek, halkara gatnaşyklary we medeni hyzmatdaşlygy giňeltmekde ähmiýetli orna eýe bolýandygy, ondan başga-da, daşary ýurtlarda hem dana Pyragynyň heýkeliniň goýulmagy ynsan terbiýesine täsir etmegiň çeşmesi hökmünde çykyş edýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi pedagogika ylmynda öňe çykýan meseleleri çözmekde hem uly ähmiýete eýedir. Adamlaryň oňat ýaşamaklary üçin şahyr niýetiň düzüw bolmalydygyny belleýär, şeýle-de “Myradym nesihat etmekdir halka” diýip, sözüni dowam etdirip, döwürdeşleriniň ahlak gatnaşyklarynyň manyly ömre gulluk etmegi üçin aladalanýar. Akyldar “Ýetmeýän galmaz” atly şygrynda

“Yhlas bilen bir kämile gol bergen,

Ýeter bir menzile, ýetmeýen galmaz”

-diýýär. Şahyr “Bolar sen” atly şygrynda ynsanyň ylym bilen taplanmagyny ündäp:

Ýagşylar ýanynda ýörgül sen özüň,

Dür bolsun daýyma sözlegen sözüň,

Alymlara uýsaň, açylar gözüň,

Jahyllara uýsaň, kör dek bolar sen!

-diýýär. Oňat gylyklaryňa özüň gözegçilik etmek, ony jylawlap saklamak wajypdyr. Dana atamyz Magtymguly Pyragy bakylygyň şahyrydyr. Ýüzýyllyk geçensoň hem şahyrymyzyň her bir sözi, oý-pikiri, setirleri onuň içgi oý pikirlerini, ýüreginiň urgusyny, duýgusyny, onuň ýürek tolgunmalaryny biziň günlerimize alyp gelýär.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň ömri we döredijiligini ýaş nesillerimize giňişleýin wagyz etmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz minnetdarlyklaryny aýtdylar.

Maral NURYÝEWA,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphana müdiri