logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

ÖNÜMÇILIK IŞ TEJRIBELERI KÄMILLEŞDIRILÝÄR

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynda Türkmen Döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň “Çagalar okaýyşyny guramak” hünäriniň talyplary hünär tejribeliligini geçdiler. Kitaphana hünärmeni talyp ýaşlara kitaphananyň sorag-jogap bibliografiki serişdesi bolan pudaklaýyn katalog we ondan okyjylara peýdalanmaklygyň düzgünleri hakynda maglumatlary berdi. Şeýle-de kitaphanamyzyň hazynasyna gelip gowuşýan her bir kitaba degişli katalogyň ýazylyşy we pudaga bölüniş aýratynlygy boýunça ýerbe-ýer goýulyş usullary barada berilen gürrüňleri gyzyklanma bilen diňlediler.

Kitaphana we kitap işini döwrebap kämilleşdirmeklikde Döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar beýan edildi.