logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

ÖSÜŞLERI BEDEW BATLY – ARKADAG ŞÄHERI

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Arkadag şäheriniň Märkaw myhmanasynda “Arkadag” teleýaýlymynyň “Bagt şäheriniň säheri” atly gepleşiginiň ýazgy etmeginde “Ösüşleri bedew batly – Arkadag şäheri” atly söhbetdeşlik geçirdi.

Gözelligiň göwher gaşyna deňelýän, sebitde ilkinji akylly we dünýäniň ösen, ýaşamak üçin has amatly şäherleriň arasyndaky ornuny barha pugtalandyrýan Arkadag şäheriniň, häzirki zaman binagärliginiň bütewi hem sazlaşykly sungat eserlerini ýada salýan, milli öwüşgünleri hakynda söhbetdeşligiň dowamynda täsirli söhbetler edildi. Arkadag şäheriniň dünýäniň abraýly halkara guramalarynyň ençeme diplomlaryna, hormat hatlaryna mynasyp bolmagy ak mermerli binalar bilen sünnäläp döredilen akylly şäheriň halkara derejede ykrar edilýändiginiň subutnamasy bolup durýandygy hakynda hem buýsançly gürrüňler edildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Arkadag şäherini bagt şäherine öwürmeklikde gurmak we döretmek maksatnamasyny üstünlikli kämilleşdirip, eziz diýarymyzy bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklerine alyp barýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar beýan edildi.