logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ÖSÜŞLERIŇ ÝOLY BILEN: ÝAŞLYK, DÖREDIJILIK WE GARAŞSYZLYGYŇ MIZEMEZ RUHY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi hem-de “Aşgabat” teleýaýlymy bilen bilelikde guramagynda “Ösüşleriň ýoly bilen” atly söhbetdeşlikde “Aşgabat” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edilen bu duşuşykda paýtagtymyzyň ýaşlarynyň döredijilik başarnyklaryny, ylymda, sportda we jemgyýetçilik işlerinde gazanýan üstünliklerini giňden açyp görkezdi. Şu ýyl Bilimler we talyp ýaşlar gününiň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy toýlanýan döwrüne gabat gelmegi çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy. Garaşsyzlyk – bu bize bagtly geljegi, bilim almaga, zähmet çekmäge we döretmäge berlen tükeniksiz mümkinçilikleri peşgeş beren mukaddeslikdir.

Duşuşygyň dowamynda çykyş eden ýaşlar ylym-bilim ulgamynda döwletimiz tarapyndan döredilýän şertler üçin çuňňur buýsanç sözlerini beýan etdiler. Häzirki wagtda öňdebaryjy tehnologiýalary özleşdirýän, dünýä dillerini erkin başarnykly, ata Watanymyzyň abraýyny ýokary göterýän ýaşlaryň gatnaşmagyndaky bu söhbetdeşlik hakyky döredijilik we pikir alyşma meýdançasyna öwrüldi.

“Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy” seýilgähiniň ýaşyl baglarynyň arasynda ýaňlanan bu söhbetdeşlik ýaşlaryň diňe bir güýç-gaýratyny däl, eýsem olaryň ertirki güne bolan ynamyny hem açyp görkezdi.

Şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.