logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞKENT ŞÄHERINDE «MERKEZI AZIÝADA RUHY MIRASY WE AŇ-BILIMI ÝAÝRATMAK» ATLY HALKARA MASLAHATY

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa: umumy ruhy-medeni miras-umumy-geljek” atly halkara kongressiýa gatnaşdy. Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde “Merkezi Aziýada ruhy mirasy we aň-bilimi ýaýratmak” atly Halkara maslahaty geçirildi.

Halkara maslahatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ruhy baýlyklarynyň we medeniýetleriň arasyndaky dialogy ösdürmekligiň we ynsanperwer gatnaşyklaryny berkitmekligiň sebitara umumylygynyň we durnukly ösüşiniň wajyp esaslaryny düzýänligini görkezmek, Özbegistanda ylym, bilim we medeniýet ugrunda geçirilýän özgertmeleri, şeýle hem ynsanperwerlik gatnaşyklarynyň sebitara gatnaşyklaryna täsirini görkezmäge uly ýardam eder. Yslam siwilizasiýasynyň Merkezinde “Bir geçmiş-umumy geljek” ady bilen kitap sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Dabaranyň çäginde “Merkezi Aziýa kitaphanaçylarynyň ýoly” ady bilen forum geçirildi. Bu foruma Merkezi Aziýa döwletleriniň kitaphana ýolbaşçylary şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň ýolbaşçysy gatnaşyp, özüniň “Kitap- döwletleri birleşdirýär” temasy bilen çykyş edip, sanly ulgamyň üsti bilen kitaphanalarda alnyp barylýan işler dogrusynda özara iş tejribelerini alyşdylar.

Şunuň ýalyda dabaranyň çäginde “Merkezi Aziýanyň taryhy mirasy: bitewi geçmiş- umumy geljek” atly taryhçylaryň forumy”, “Merkezi Aziýa : beýik geçmiş we beýik geljek” atly sergisi, “Janly taryh” halkara kinoforumy “Ýaşlar we sanly döwür: gadymy golýazmalardan emeli aňa çenli” atly bölümçeler işledi.