Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi “Pagtaly meýdanlar, bugdaýly peller” atly kitap sergisini gurnady.
Bu kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň nusgalyk eserleri ýerleşdirildi. Mundan başga-da, pagtaçylyk we bugdaý bilen bagly edebiýatlar hem sergilendi.
Kitap sergisine gelen okyjylar üçin bu ajaýyp edebiýatlary görmäge hem-de öwrenmäge giň mümkinçilikler döredildi. Sergä gatnaşyjylar halkymyzy ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.