logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ AÝDYŇ ÝOLY BILEN

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Bagtyýarlyk medeniýet köşginiň bilelikde gurnamagynda «Parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly bilen» ady bilen gürrüň geçirildi.

Çärede çykyş edenler Döwletimiziň daşary syýasy strategiýasynyň bitaraplyk ýörelgesi we Milletler Birleşiginiň işi bütin dünýäde parahatçylygy, ählumumy abadançylygy, durnukly ösüşi üpjün etmegi nazarlaýandygy, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň gabat gelmegi, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň nyşanynyň merkezinde ýaşyl Tugumyzyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň baýdagynyň şekillendirilmegi ýurdumyzyň abraýly halkara gurama bilen oňyn hyzmatdaşlyga esaslanýan köpýyllyk dostlukly gatnaşyklaryndan habar berýändigi barada gürrüň etdiler. Şeýle-de gürrüňdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly ajaýyp eserinden birnäçe rowaýatlar aýtdylar.

Çäräniň ahyrynda ýurdumyzda parahatçylygyň, asudalygyň, jebisligiň höküm sürmegi ugrunda beýik işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.