logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLYNDA ÇAGANYŇ HUKUGY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň “Şekillendiriş sungaty” we “Türkmenistanyň taryhy ylmy-barlag” bölümleriniň işgärleri tarapyndan Gökderedäki “Ýaşlyk” sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda çaganyň hukugy” atly çäräniň çäginde göçme sergi gurnaldy. Ol merkezlerde çagalar üçin peýdaly duşuşyklar yzygiderli geçirilip durulýar. Bu sergide türkmen halkynyň gadymdan galan egin-eşikleri, haly önümleri, durmuş esbaplary we ýurdumyzda duş gelýän birnäçe haýwanlaryň, guşlaryň, süýrenijileriň dürli görnüşleriniň gäpleri görkezildi. Çagalar serginiň dowamynda gelin-gyzlaryň gadymy egin-eşikleri barada gyzykly maglumatlary diňlediler şeýle hem haýwanlaryň biologiki aýratynlygy, olaryň ýaýran ýerleri we iýmitlenişi baradaky täsin maglumatlar bilen tanyşdylar.

Bu sergi çagalaryň türkmen halkynyň miras galdyran we nesilden nesle geçip gelýän medeni gymmatlyklary, gözel tebigatymyzyň haýwanat dünýäsi barada maglumat almaklaryna we öz bilimlerini artdyrmaklaryna, dünýägaraýyşlaryny giňeltmeklerine ýardam berer.