logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

PARAHATLYK DOST – DOGANLYK MEKANY, MILLI MEDENIÝETIŇ ÖSEN ZAMANY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň bilelikde guramagynda «Ylham» seýilgähinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Parahatlyk dost-doganlyk mekany, milli medeniýetiň ösen zamany» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe rowaçlyklara beslenýän «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylymyzda eziz Diýarymyzyň toý-baýramlara ulaşýandygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek barada uly aladalar edýändikleri, medeniýet ulgamynda döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak, olary döredijilik dünýäsiniň ilkinji ädimlerine höweslendirmek boýunça bäsleşikleriň geçirilýändigi barada gürrüň berdiler.

Çäräniň dowamynda baýramçylyk mynasybetli gurnalan göçme kitap sergisi bilen tanyşdyryldy. Çäräniň ahyrynda şeýle beýik işleriň sakasynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.