logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

PARAHATLYK HEMRA HER BIR YNSANA, YNAM BILEN GELJEGIMIZ NURANA

PARAHATLYK HEMRA HER BIR YNSANA, YNAM BILEN GELJEGIMIZ NURANA

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Arkadag şäheriniň iňlis diline ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebinde «Arkadag» teleýaýlymy bilen bilelikde «Parahatlyk hemra her bir ynsana, ynam bilen geljegimiz nurana» atly duşuşyk geçirdi. Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň gymmatly eserleri bilen bir hatarda birnäçe neşir önümlerinden guralan göçme kitap sergimiz ýaş nesillerde uly gyzyklanma döretdi. Çärämize işjeň gatnaşan okuwçylaryň türkmen ýazyjydyr-şahyrlaryň döredijiligine degişli goşgularyny ýatdan, labyzly ýerine ýetirip bermekleri we kitaphana hünärmenleri bilen sorag-jogap alyşmagy duşuşygyň has-da täsirli geçmegine ýardam etdi.

Ýaş nesillere kitaphanamyzyň kärdeşler arkalaşygynyň adyndan kitapça hem sowgat berildi. Duşuşygymyzyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň bilim almaklary, öwrenmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.