logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Paýhas – hazynasy

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Arkadag teleýaýlymyň taýýarlamagynda “Paýhas – hazynasy” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş eden “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly eseriniň ähmiýeti barada, ata-babalarymyzdan şu günümize gelip ýeten milli däp-dessurlarymyzyň gymmatyny nesillerimize ýetirmekde, ýaş nesillerimizi Watançylyk ruhunda terbiýelemekde, olaryň gelejegi üçin edilýän işler barada giňişleýin söhbet edildi. Asuda asman, Parahat Zemin üstünde döretmäge, gurmaga şu ajaýyp şäherde zähmet çekmäge uly mümkinçilikler döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak bolsun!