logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Röwşen geljegiň binýady

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi we Seýrek neşirler bölümi bilen bilelikde “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” adyndaky sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Röwşen geljegiň binýady” ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy hem-de söhbetdeşlik geçirildi.

Dynç alýan çagalaryň arasynda geçirilen bu söhbetdeşlikde kitaphana işgärleri biziň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzy geljekde ösdürjek ýaş nesillerimiz bolan şu günki mekdep okuwçylarynyň watansöýüji, ilhalar häsiýetli adamlar bolup ýetişmegi üçin kitabyň şeýle hem okamaklygyň örän uly peýdasynyň barlygy hakynda öz söhbetlerinde nygtadylar. Biziň şu günki ýaş nesillerimiziň okamaklyga, bilim almaklyga, ýaşlykdan dürli hünärleri öwrenmeklige yhlaslary örän güýçli. Söhbetdeşlikde çykyş eden, goşgy okan çagalar hem munuň şeýlediginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Bu geçirilen söhbetdeşligiň çäginde göçme kitap sergisi hem gurnaldy. Bu guralan kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri şeýle-de çagalar edebiýatyna degişli ertekileriň birnäçesi ýerleşdirildi. Bu kitap sergisini görmäge gelen dynç alyş merkezindäki çagalar özlerine gerek soraglaryna jogap tapdylar.

Söhbetdeşlige gatnaşanlar ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi ugrunda uly tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlarynyň aman bolmagyny, janlarynyň sag bolmagyny, il–ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.