Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda “Nesil” çagalar sagaldyş dynç alyş merkezinde “Rus halk ertekilerine syýahat” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda rus halk ertekileri, olaryň dürli görnüşleri, terbiýeçilik ähmiýeti, erteki gahrymanlaryň gylyk-häsiýeti, gyzykly wakalary barada täsirli gürrüňler edildi. Hünärmenimiz çagalara ertekileriň birnäçesini okap berdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesillere döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.