logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

«РУССКИЕ ПОЭТЫ-ДЕТЯМ» ATLY N.A NEKRASOW, A.N.FET, F.I.TÝUTÇEW–ÝAGNY RUS ÝAZYJYLARYNYŇ ÇAGALARA BAGYŞLAP ÝAZAN ESERLERI BARADA SÖHBETDEŞLIK

Türkmenistanyň BazarAmanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy–ýakynda paýtagtymyzyň 51–nji orta mekdebiniň kitapsöýüji okuwçylarynyň arasynda, «Русские поэты-детям» atly N.A Nekrasow, A.A.Fet, F.I. Týutçew–ýagny rus ýazyjylarynyň çagalara bagyşlap ýazan eserleri barada söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň başynda kitaphana hünärmenimiz çagalara Rus ýazyjylar bilen tanyş edip, olaryň ajaýyp gyzykly goşgularyndan we eserlerinden gürrüň berdi bu hem çagalarda uly gyzyklanma bildirdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmenimiz çagalara rus şahyrlaryň goşgularyndan okap berdi, Şeýlede «Русские поэты-детям» atly sergisini gurnaldy. Bu sergide çagalar rus şahyrlaryň kitaplaryny okap öz aralarynda gyzykly sorag jogaplary alyşdylar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda kitapsöýüji ýaşlar ýurdumyzy bagtyýar çagalaryň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga kalplaryndan çykan alkyş sözlerini beýan edildi.