logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

SAGDYN JEMGYÝET DÖWLETIŇ DAÝANJY

SAGDYN JEMGYÝET DÖWLETIŇ DAÝANJY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli «Sagdyn jemgyýet döwletiň daýanjy» ady bilen Arçabil şaýolunyň ugrundaky seýilgähde söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiniň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, jemgyýetimizde bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmek boýunça giň gerimli işleriň alnyp barylýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de halkymyzyň saglygyny berkitmäge, berk bedenli hem-de ruhubelent ýaşlary terbiýelemäge saglyk baş baýlyk hasaplanýandygy barada giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda saglygy goraýyş we sport ulgamlaryny kämilleşdirmekde beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.